Gözleň jadylady meni
Sözleň misli bal Aknur
Ýürekden söýýärin seni
Gam çekmegin gül aknur
Ýürekden söýýärin seni
Gam çekmegin gül aknur
Gijelerne duşuşukda
Söz beripdiň läläm maňa
Diýdiň garaşaryn saňa
Sen bar zadym gel Aknur
Säheriň deý daň şemaly
Sypap gitdi mahmal saçyň
Sen gyz meniň akyl huşum
Ýüregimi bil Aknur
Säheriň deý daň şemaly
Sypap gitdi mahmal saçyň
Sen gyz meniň akyl huşum
Ýüregimi bil Aknur
Ýollaýaryn şu hatymy
Aknurum meň arzuw edip
Bizem gyz maksada ýetip
Toý tutaly gel Aknur
Bizem gyz maksada ýetip
Toý tutaly gel Aknur
Sen gyz meni aşyk etdiň
Durmuşuň gözel çagyndan
Aýdym aýdyp toý sazyndan
Duşuşaly gel aknur
Säheriň deý daň şemaly
Sypap gitdi mahmal saçyň
Sen gyz meniň akyl huşum
Ýüregimi bil Aknur
Säheriň deý daň şemaly
Sypap gitdi mahmal saçyň
Sen gyz meniň akyl huşum
Ýüregimi bil Aknur
Ýüregimi bil Aknur
Ýüregimi bil Aknur
Toý tutaly gel Aknur